Hasabyňyz boýunça kömek

Bu bölümde bellige alynmak, ulgama girmek we hasabyňyza girmek baradaky umumy soraglar babatda kömek berilýär.

Oxford Dictionaries ulgamynda belige alynmak

Eger siz täze abonent bolsaňyz, hasabyňyza girmek üçin Oxford Dictionaries ulgamynda bellige alynmagyňyz gerek.

Bellige alynmak mugt – diňe e-poçta salgyňyz bolsa ýeterlik.


Ulanyjy adyňyz

  • E-poçta salgyňyzy öz ulanyjy adyňyz hökmünde ulanyp bilersiňiz.
  • Ulanyjy adyňyz özboluşly bolmalydyr – eger başga ulanyjy şol ady eýýäm alan bolsa, onda ony ulanyp bilmersiňiz.
  • Hasabyňyzy döredeniňizden soň, ulanyjy adyňyzy üýtgedip bolmaýar.


Parol döretmek

  • Eger siz täze abonent bolsaňyz, onda parol döretmegiňiz gerek. Parolyňyzy hasabyňyzsahypasyndan üýtgedip bilersiňiz.


Parol howpsuzlygy

  • Oxford Dictionaries materiallaryňyza birugsat girilmeginden goranmak üçin, güýçli parol ulanmaklygy maslahat berýäris.
  • Güýçli parol azyndan 7 nyşandan ybarat bolup, onda baş we setir harplar, simwollar hem-de sanlar bolmaly, parolda adyňyzy ýa-da doly sözlük sözlerini ulanmak bolmaýar.
  • Oxford hasabyňyzda beýleki onlaýn hasaplaryňyz (mysal üçin onlaýn söwda, bank ýa-da PayPal) üçin ulanýan parollaryňyzdan tapawutly parol ulanmaklygy maslahat berýäris.


Ýatdan çykarylan parollar

Eger parolyňyzy ýatdan çykarsaňyz, ony şu ýerde nol edip bilersiňiz.


Hasaba girmek boýunça kömek

Baş sahypanyň ýokarsynda "hasaba gir" basyň ýa-da şu ýerdeulanyjy adyňyzy we parolyňyzy ýazyp, hasabyňyza giriň. Eger-de saýtda heniz bellige alynmadyk bolsaňyz, onda size ony berjaý etmek üçin bag görkeziler.


Parolymy ýatdan çykardym / parolym işlemeýär

Parolyňyz baş we setir harpa duýgur, şol sebäpli CAPS LOCK açykmy-ýapykmy barlaň. Eger parolyňyzy ýatdan çykaran bolsaňyz, ony şu ýerde nol edip bilersiňiz. Bagy basan wagtyňyz, size hasabyňyz üçin e-poçta salgysyny girizmeli bolarsyňyz we size e-poçta arkaly parol nol ediş bagy iberiler. Eger birnäçe minutyň dowamynda epoçta gelmese, gereksiz ýa-da spam poçta bukjalaryny barlaň.


Hasaba girmek boýunça goşmaça kömek

Eger şonda-da hasaba girip bilmeýän bolsaňyz, bize ýüz tutuň.