Barada

Oxford Global Languages programmasy näme?

Oxford Global Languages (OGL) dünýä dilleriniň 100 sanysy üçin leksikografiki resurslary döretmek we olary onlaýn elýeterli etmek maksady bilen OUP tarapyndan ýola goýlan esasy başlangyçdyr. Ilkinji gezek, dili gürleýänler, öwrenýänler we kämilleşdirýänler üçin arabaglanyşyk gurlan ýeke-täk ýerde örän köp dürli diller üçin köp möçberde ýokary hilli leksiki maglumat ulgamlaýyn görnüşde dörediler, ýygnalar we elýeterli ediler. Programmanyň maksady dünýäniň ýüzündäki millionlarça adamyň öz dillerinde sanly formada, websaýtlarda, programmalarda, şeýle hem, ençeme dürli gurallarda we hyzmatlarda material taýýarlap, şol adamlaryň tejribesini täzeçe özgertmeklik bolup durýar. 

OGL başlangyjy şulardan ybarat bolar:

  • Ýaşaýan diller, şol sanda olaryň wariantlary we şiweleri üçin häzirki günde hakyky ulanylýan görnüşinde ýazga geçirip material taýýarlamak.
  • Elýeterli, arabaglanyşykly we gaýtadan ulanyp bolýan dil maglumatynyň ägirt uly goruny döretmek bilen, dil resurslaryna global giriş mümkinçiligini ýokarlandyrmak.
  • Dünýä dillerini gaýtadan janlandyrmak we goldamak üçin täze sanly gurallary hem-de resurslary işläp düzmek üçin mümkinçilikleri döretmek.
  • Diller barada habarlylygy, şeýle hem jemgyýetçilik duýgusyny tutuş dünýäde artdyrmak.


Haýsy diller degişli bolar?

OGL iň azyndan jemi 100 dili özünde jemlemegi maksat edinýär we biz muny gazanmak üçin ençeme ýylyň zerur boljakdygyna düşünýaris. Häzirlikçe biz OGL ýörelgelerini görkezmek we çaklamalarymyzy iş ýüzünde synamak üçin, hersiniň sanly elýeterlik derejesi tapawutly bolan birnäçe sebite degişli we örän tapawutlanýan on sany dil bilen işe başladyk. Geljekde biz dürli dilleri, şol sanda ýeterlik derejede global we sanlaýyn açylyp görkezilmedik dilleri goşmaga dowam ederis.

Oxford Global Languages özüniň ilkinji iki dil saýtyny, ýagny zulu we demirgazyk soto dillerindäki saýtlaryny 2015-nji ýylda işe girizdi, ilkinji ýylyň dowamynda ýene 10 dil goşuldy, öňümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda hem ýene ençeme dil goşular.


Has giňişleýin öwrenmek isleýärsiňizmi?

Köpçülik işine gatnaşmak

Biz janly sözlükleri döretmek üçin ýerli dil köpçülikleri bilen ýakyndan işleşýäris. Biziň ulanyjylar babatdaky maksadymyz olaryň öz dillerine degişli resurslary goldamaga we kämilleşdirmäge gatnaşýandyklaryny duýmaklaryny gazanmak bolup durýar.

Innowasiýa

OGL biziň global sözlükler programmamyzyň giň gerimini we elýeterligini sanly innowasiýa babatdaky OUP däpleri bilen birleşdirýär.

Maksadymyz

Oxford uniwersitetiniň bölümi hökmünde, OUP öz neşirleriniň kemsiz kämilligi arkaly bilimi we öwrenmekligi ýaýratmagy maksat edinýär.

Bellik: Bu websaýtdaky leksik maglumat binýady ilkibaşda iňlis dilini öwrenýän türkmenler üçin Oxford Essential Dictionary hökmünde “Oxford University Press - English Language Teaching” tarapyndan 2017-nji ýylda neşir edildi we OUP ELT tarapyndan ylalaşylyp, şu ýere goşuldy. © Oxford University Press 2017.

Eýýäm başladylan dilleri görüň we öz diliňizi yzarlaň