AGZALAR ÜÇIN DÜZGÜNLER

Oxford Dictionaries agzalary üçin düzgünler

Oxford Dictionaries-e hoş geldiňiz! Bu siz üçin sanly dil resurlaryny döretmeklikde goşant goşup biljek, dilleri halaýan kärdeşleriňiz bilen garaýyşlaryňyzy we pikirleriňizi paýlaşyp biljek, şeýle hem soraglaryňyza jogap alyp biljek ýeriňizdir.


Oxford Dictionaries barada

Diliňiz üçin janly sözlük düzmek üçin biz sizi täze girizmeleri we terjimeleri ibermeklige çagyrýarys. Sözler we terjimeler barada sorag sorap hem-de orta atylan soraglara jogap berip bilersiňiz. Dil we sözler barada garaýyşlaryňyzy maslahatlaşyp hem-de beýlekilerden olaryň garaýyşlaryny sorap bilersiňiz.

Dil menejeri köpçüligiň menejeridir, onuň bilen habarlaşyp bilersiňiz. Olar dil resurlarynyň kämilleşmegine kömek etmek hem-de ähli goşantlaryň we teswirleriň şu ýerde jikme-jik görkezilen düzgünlere laýyk gelmegini üpjün etmek üçin bu ýerdedir.

Dil menejeriniň Oxford Dictionaries saýty arkaly elýeter edilen ähli materiallar we hyzmatlar baradaky soraglara jogap berip bilmejekdigini ýatdan çykarmazlygyňyzy haýyş edýäris. Eger sizde Oxford Dictionaries önümi we abunasy barada soragyňyz ýa-da sözlüge girizilen bir zat barada haýyşyňyz bar bolsa, onda Kömeksahypalaryna gidiň (ýatdan çykarmaň: bu material iňlis dilinde).

Siz oxforddictionaries.com websaýtyny (“Websaýt”) ulanmak bilen, şu Düzgünlery, şeýle hem biziň umumy maglumat gorag şertlerimizi hem-de ulanyjy tarapyndan döredilen islendik materialy ulanmak boýunça Oxford University Press hukuklaryny, şeýle hem saýty ak ýürekli ulanmaklygy beýan edýän Gizlinlik beýannamasy we Ýuridik bildiriş talaplarymyzy berjaý etmeklik babatda ylalaşýarsyňyz. Eger size bu resminama başga dilde gerek bolsa, onda biz bilen habarlaşyň.


Özüňi alyp barmaklyk

Biz ähli adamlaryň goşantlaryna şat. Aşakda görkezilen häsiýetler Websaýtdaky hiç bir neşirde, teswirde ýa-da goşantda kabul ediljek däldir:

  • Beýleki agzalar ýa-da Websaýta (şeýle hem onuň düzümindäki domenlere) giren myhmanlar babatynda gazaply ýa-da kemsidiji hasaplanyp biljek häsiýetler.
  • Haýasyz ýa-da paýyş dil ulanylanda (şeýle dil barada ylmy maslahat edilen ýagdaýlardan başga halatda).
  • Täjirçilik maksatly neşirler, reklamalar, höweslendirme ýa-da önümleri we hyzmatlary satmak (beýleki agza tarapyndan aýratyn haýyş edilen ýagdaýlar bolmasa).
  • Trollamak (“biriniň göwnüne degmek ýa-da gaharyny getirmek maksady bilen bilkastlaýyn paýyş ýa-da meçew mazmunly onlaýn neşir etmek”).
  • Dil we sözler bilen baglanyşygy ýok temalar.
  • Bikanun, haýykdyryjy, biynjalyk ediji, kemsidiji, masgaralaýjy, haýasyz, paýyş, töhmetçilikli, aldaýjy, kezzapçylykly, içinde aç-açan ýa-da grafiki beýanat bar bolan materiallar ýa-da jynsy hereketleri bolan hasaplar (beýleki şahsyýet ýa-da şahsyýetleriň toparyna gönükdirilen gödek ýa-da haýykdyryjy häsiýete eýe bolan jynsy dil hem degişli bolýar we munuň bilen çäklenmeýär), başga biriniň şahsy durmuşyna gatyşylan ýa-da ýigrendiriji häsiýete eýe bolan ýagdaýlar.
  • Jenaýat işine ýa-da raýat jogapkärçiligine sebäp boljak ýa-da şoňa iterip biljek materiallar.
  • Içinde wirus, içalyçylykly ýa-da zyýanly programma bolan materiallar, islendik görnüşdäki reklamalar, şeýle hem nädogry beýanatlar ýa-da aslyny ýalňyşdyrýan hereketler.
  • Bilkastlaýyn berlen ýalňyş ýa-da ýalňyşdyrýan maglumatlar.
  • Awtorlyk hukugy bilen goralýan materiallar, şahsy ýa-da intellektual eýeçilik hukuklary bolan adamdan rugsat alynmazdan şahsy ýa-da intellektual eýeçilik hukuklary bolan materiallar.
  • Özüňiz barada ýa-da teswirleriňizde başgalar barada islendik görnüşdäki salykatly çemeleşmäni talap edýän, şahsy, eýeçilik ýa-da gizlin maglumat bolan materiallar.


Moderasiýa

Şu düzgünlere ters gelýän islendik zatlary ýüze çykarmak maksady bilen biz, Websaýtda neşir edilýän ähli zatlara gözegçilik etmek hukugymyzy gorap saklaýarys. Munuň netijesinde, neşir edilmezden öň käbir neşirleriň modifikasiýa üçin iberilmegi mümkin, şol sebäpli neşiriň Websaýtda peýda bolmagynda gijikme bolup biler.

Biz şu düzgünleri berjaý etmeýän islendik ulanyjyny duýduryş bermezden ýa-da maslahatlaşmazdan beklemek, şeýle hem ähli öňki neşirleri we goşantlary aýyrmak hukugymyzy gorap saklaýarys.


Takyklyk we dogruçyllyk

Biz sizden profiliňizde özüňiz barada nädogry maglumat bermezligi haýyş edýäris. Jogapkärçilikli we aýdyň çemeleşmek üçin agzalaryň biri-biri bilen hakyky atlaryny ulanyp aragatnaşykda bolmagy Oxford Dictionaries tarapyndan ýöredilýän syýasatdyr.

Ulanyjylar tarapyndan neşir edilen material ilkibaşda "ulanyjynyň goşantlary" hökmünde peýda bolar, soň bolsa beýleki Oxford Dictionaries ulanyjylary ýa-da OUP tarapyndan tassyklanar.