Ýygy-ýygydan soralýan soraglar

Oxford Global Languages barada ýygy-ýygydan soralýan soraglar


Oxford Global Languages-iň (OGL) maksady näme?

Programmanyň umumy maksady 100 dil üçin onlaýn material ýerleşdirmek we şol materialy tutuş dünýädäki ulanyjylara we kämilleşdirýänlere elýeter etmek bolup durýar. Muny berjaý etmek üçin topara saklap, bag gurup we birnäçe usulda girip bolýan dil we sözlük materialyny döretmek gerek. OGL başlangyjy sanly usulda giňden hödürlenmeýän, şeýle hem dünýäniň esasy dillerini goldamak üçin täze sanly gurallary we resurslary işläp düzmekligi ýola goýar. Şu başlangyç bu dillere sanly gurşawda ulanylmagy, kämilleşmegi, giňden ýaýramagy üçin mümkinçilik döreder we wariantlary hem-de şiweleri bilen bilelikde resmileşdirmäge kömek eder.


Haýsy diller bilen başlamalydygyny nädip saýlaýarys?

OGL iň azyndan jemi 100 dili taýýarlamagy maksat edinýär we muny gazanmak üçin ençeme ýylyň zerur boljakdygyna göz ýetirýär. Häzirlikçe biz OGL ýörelgelerini görkezmek we çaklamalarymyzy iş ýüzünde synamak üçin, hersiniň sanly elýeterlik derejesi tapawutly bolan diňe birnäçe sebite degişli we örän tapawutlanýan on sany dil bilen başladyk. Programma kämilleşdigiçe, biz sanly görnüşde ýeterlikçe görkezilmedik we dünýä dilleriniň has köpüsini öz içine almagy üçin programmany ýaýbaňlandyrarys.


Programma haýsy diller goşuldy? Şeýle hem haýsy dilleriň indiki boljakdygyny nädip bilip bilerin?

Siz şu ýerde başladylan dilleri yzarlap hem-de programma goşulýan dilleri bilip bilersiňiz. Mundan başga, siz şu ýerden habarlaşmak bilen biziň Oxford Global Languages täzeliklerimize ýazylyp bilersiňiz.


Siz programma babatda ýerli guramalar we döwlet edaralary bilen işleşýärsiňizmi?

Hawa, emma biz hiç bir bar bolan edara bilen baglanyşykly ýa-da onuň şahamçasy däldiris. OGL täze we doly garaşsyz başlangyç bolup, tutus dünýäde öwrenmegi we stipendiýalary ýaýratmak babatda Oxford University maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Oxford University Press (OUP) tarapyndan goldanylýar. Muňa garamazdan, biz OGL maksatlary bilen pikirdeş bolan we onuň bilen gyzyklanýan islendik gurama bilen işleşmäge höwesli. Programma kämilleşmäge dowam etdigiçe, biz hökümet edaralary, akademiýalar, uniwersitetler, haýyr-sahawat guramalary hem-de kompaniýalar bilen aragatnaşygy ýola goýmaklygy göz öňünde tutarys. Biz eýýäm tutus dünýäde käbir kärdeşlerimiz, akademikler we dil boýunça hünärmenler bilen gowy gatnaşyklar gurduk. Eger-de siz programmanyň bir bölegi bolmaga gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, biz bilen şu ýerde habarlaşyň.


Her diliň saýty üçin materiallar nireden gelýär?

Biziň materiallarymyz hakyky dillerden, hakyky ulanyşdan we hakyky ulanyjylardan gelýär. OGL programmasyndaky käbir diller üçin döwrebap sözlükler aslyýetinde ýok. Şol sebäpli käbir ýagdaýlarda başlangyç nokadymyz hökmünde bar bolan sözlükden başlan bolsak, beýleki ýagdaýlarda esasy many bilen dil ulanyşy barada başlangyç materiallar başlamagymyz gerek – özeni– şu ýerden hem awtomatiki usulda dil barada ähli materiallary alýarys. Bu biziň leksikograflarymyza täze material döretmek üçin binýat berýär. Şeýle hem biz sizi, ýagny ulanyjylary, mysal üçin terjime we diliňiz hakda beýleki materiallar boýunça goşant goşmak bilen gatnaşmaklyga çagyrýarys. Ulanyjy tarapyndan döredilen bu material soň redaktorial işgärleri her dil üçin elýeterli bolan maglumaty artdyrmak üçin habarly edýär.


Ulanyjy tarapyndan döredilen material diliň "adaty" ulanyşyny ýoýýarmy?

Dil meselesi adamlaryň gepleşmegine eltýär, sebäbi adamlar gürleýän diline höwes bildirýär. Käbir adamlar diňe "hünärmenler" dil barada bilýär diýip pikir edýär we köçe dili bilen edebi däl ulanyş "nädogry" hasaplaýar we olara sözlükde orun berilmeýär. Biz diliň ähli, resmi we resmi däl formalaryny ähmiýetli hasaplaýarys, şeýle hem ene dilinde gürleýän adamlar öz dilleri barada köp zat bilýär diýip hasaplaýarys. Biziň OGL programmasy bilen maksadymyz diliň ulanylyşy barada ähli ulanyjylardan mümkin boldugyça köp maglumat ýygnamak, şeýle etmek bilen edýän işimiziň hemmelere görä bolmagyny gazanmak bolup durýar.


Käbir dillerde beýleki dillere garanyňda has köp maglumat bolýar. Munuň sebäbi näme?

Programmanyň ýörelgeleriniň biri kiçiden başlamak we ony ösdürmekdir. Şol sebäpli bizde diliňiz üçin az möçberde material elýeterli bolsa hem, ulanyjylaryň ony ulanyp başlamagy we bize seslenmelerini ibermekleri üçin, şol materialy programma goşmagymyz mümkin. Programma kämilleşdigiçe, içindäki materiallar hem köpelýär.


Men OGL programmasyna nädip öz sözlügimi ýa-da dilimi goşup bilerin?

Elbetde biz ähli zady goşup bilmeris, emma häzir elýeter maglumatymyz bolmadyk dilleriň bardygy anyk. Eger sizde, uniwersitetiňizde, ýa-da guramaňyzda programma üçin gyzykly bolar öýdýän zadyňyz ýa-da OGL tarapyndan ýörelmeli ugur babatda teklibiňiz bar bolsa, onda habarlaşyň.


Dilleri tutuş dünýäde kämilleşdirmekde OUP-yň roly näme?

OUP Oxford uniwersitetiniň bir bölümidir we şol sebäpli uniwersitetiň bilimi hem-de öwrenmegi tutuş dünýäde ýaýmak baradaky maksadyny paýlaşýar. Bu bütindünýä neşirýat guramasydyr we onuň özboluşly resurslary, ukyplary, bilimi we dünýäniň ýüzünde ulanylýan ýokary hilli okuw materiallaryny taryhyň dowamynda uzak wagtlap üpjün edip gelýär. Biz dillere özboluşly materiallary işläp düzmek üçin dil köpçüliginiň bir bölegi bolup durýan ýerli dil hünärmenleri bilen işleşýäris. Biziň maksadymyzdyr şundan ybarat: has uly köpçüligiň peýdasy üçin öz resurslarymyzy paýlaşmak.


Ýerli dil boýunça köpçüligiň gatnaşyk derejesi nähili?

Köpçüligiň gatnaşygy ähmiýetlidir. Biz bu programma ýerli dil köpçüliginiň gatnaşmagyny isleýäris, material teklip etmek bolsun ýa-da diňe resurslarymyza girmek bolsun tapawudy ýok. Programma kämilleşdigiçe dil köpçüligine öz dilleri üçin material düzmäge we ony ulanmaga mümkinçilikler dörär ýaly täze başlangyçlar bolar.


Näme zat OGL-ni tapawutly edýär?

Köp programmalar mugt dil saýtlaryny hödürleýärler ýa-da dil resurlaryny ýygnamagy maksat edinýärler, emma berk leksikografik ýörelgelere eýermek bilen ençeme diller üçin giň gerimli hem-de çuňňur leksiki resurslary döretmek üçin programma sany az, bu hem OGL-ni aýratyn edýär. Materiallar hakyky ulanyşa esaslanýar, täzelenip durýar we uzak möhletiň dowamynda idegi edilýär, bu bolsa dili janly we hereketli saklaýar. edinmegimiziň sebäbi – biz dünýäniň ýüzündäki dilleri haýal etmän edinmek däl-de,eýsem olaryň uzak möhletli geljegine şekil bermekdir.


Şu OGL materiallary mugtmy?

Ähli OGL materiallary ulanmak üçin mugtdur. Siz sözleri, terjimeleri we dil bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary öwrenip bilersiňiz. Saýt hemişe asyl dilinde görkezilýär we käwagtlar mümkin boldugyça ýaramly etmek üçin iňlis dili bilen bilelikde hödürlenýär.

Websaýtlarda OGL başlatmak bilen bir hatarda, biz olary Oxford Dictionaries API programmasyna hem goşýarys. Eger-de siz programmaňyzda dil boýunça maglumaty ulanmaga gyzyklanma bildirýän programma işläp düzüji bolsaňyz, siz şahsy we çäklendirilen ulanyş üçin OGL materiallaryna mugt girip bilersiňiz hem-de API-leri has giňişleýin ulanmaga dowam etmek isleseňiz, aýlyk tariflerimize ýazylyp bilersiňiz. Biziň API sahypamyza baryň ýa-da has giňişleýin maglumat üçin biz bilen şu ýerde habarlaşyň.


Men OGL taslamasyna gatnaşmak boýunça nireden maglumat tapyp bilerin?

Biz siziň pikirleriňizi diňlemäge şat bolarys, şol sebäpli şulara görä biz bilen habarlaşyň:

  • eger programma barada has giňişleýin öwrenmek isleýän bolsaňyz;
  • eger siz ýa-da guramaňyz bize OGLmaksatlaryna ýetmäge kömek etmek üçin Oxford Dictionaries bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän bolsaňyz;
  • eger siz OGL täzeliklerine ýazylyp gatnaşyk saklamak isleýän bolsaňyz

Onda şu ýerden habarlaşyň.