Ýuridik bildiriş

Şu ýuridik bildiriş şu oxforddictionaries.com websaýty ("Websaýt") we onuň kiçi domenleri üçin niýetlenendir hem-de siziň şu Websaýty we onuň kiçi domenlerini ulanyşyňyzy düzgünleşdirýär. Şu Websaýty ulanmak bilen siz şu beýannamada görkezilen düzgünler bilen ylalaşýarsyňyz.

Websaýtyň käbir ýerlerine bellige alynmazdan ýa-da Oxford University Press-e ("OUP", "biz", "bize" ýa-da "biziň") öz maglumatyňyzy bermezden girip bilersiňiz.

Websaýtdaky maglumatlaryň doly däl, köne ýa-da nädogry bolmagynyň, şeýle hem, onda tehniki nätakykylyklaryň ýa-da tipografik ýalňyşlaryň bar bolmagynyň mümkindigi sebäpli, OUP şu Websaýty öz islegiçe täzelemek hukugyny özünde saklaýar. Şol sebäpli, şeýle maglumatlaryň habar berilmezden üýtgedilmegi ýa-da täzelenilmegi mümkindir.

Biz şu ýuridik bildirişe üýtgetme girizmek hukugymyzy özümizde saklaýarys. Şu ýuridik bildirişe girizip biljek islendik üýtgetmelerimiz şu sahypada neşir ediler we zerur bolanda, sizi e-poçta bilen hem habarly ederis. Bu ýuridik bildirişiň käbir düzgünlerinden Websaýtyň käbir sahypalarynda ýerleşýän, aç-açan bellenilen ýuridik bildirişleriň ýa-da şertleriň üstün bolmagy mümkindir.


Ulanyjy atlary we parollar

Websaýtda bellige alnan we ulanyjy adyny hem-de paroly alan wagtyňyz, öz ulanyjy adyňyzy we/ýa-da parolyňyzy hiç kime bermezlige ylalaşýarsyňyz. Eger-de ulanyjy adyňyz we/ýa-da parolyňyz paş bolan ýagdaýynda, OUP-yň degişli howpsuzlyk çärelerini görmegi hem-de size täze ulanyjy ady we paroly bermegi üçin, şol paş bolmak barada haýal etmän bize habar bermeklige ylalaşýarsyňyz.


Websaýt materiallaryndan peýdalanmak

Size şulara rugsat berilýär:

  1. Websaýt materiallaryndan bölekleri gözlemek, görmek, almak we görkezmek;
  2. Websaýt materiallarynyň böleklerini elektron görnüşde ýazdyrmak;
  3. we/ýa-da Websaýt materiallarynyň böleklerini ýeke nusgada çap etmek.

Her aýratyn ýagdaýda, Websaýtyň käbir sahypalarynda görkezilýän islendik ýörite çäklendirmelere tabynlykda: Siz Websaýtda görünýän awtorlyk hukukly bildirişleri ýa-da identifikasiýanyň beýleki usullaryny, şeýle hem jogapkärçilikden ýüz öwürmeleri aýyrmagyňyz ýa-da üýtgetmegiňiz; kanun tarapyndan rugsat berilýän ýa-da OUP tarapyndan ygtyýarlandyrylan ýagdaýlardan başga halatlarda, hiç bir maksat üçin çäklendirilen materialyň köp sanly göçürmeleriniň çap edilen ýa-da elektron nusgalaryny ulgamlaýyn köpeltmegiňiz; materialyň islendik bölegini islendik elektron torda, şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, Internet we World Wide Web arkaly görkezmegiňiz ýa-da ýaýratmagyňyz; islendik birine materiala girmäge we ony ulanmaga rugsat bermegiňiz; we/ýa-da materialy tutuşlygyna ýa-da onuň bir bölegini täjirçilik maksatly ulanmaga rugsat bermegiňiz gadagan edilýär.

Eger täzelik hatlaryny almak üçin hasap açan ýa-da web-kanalymyza ýazylan bolsaňyz, onda siz özüňize iberilýän materialy dine täjirçilik däl maksat bilen ulanyp bilersiňiz. Şu aşakdakylar size gadagan edilýär:

  1. size iberilýän materialda bar bolan awtorlyk hukugy bildirişlerini ýa-da identifikasiýanyň beýleki usullaryny, şeýle hem jogapkärçilikden ýüz öwürmeleri aýyrmak ýa-da üýtgetmek;
  2. kanun tarapyndan rugsat berilýän ýa-da OUP tarapyndan ygtyýarlandyrylan ýagdaýlardan başga halatlarda, hiç bir maksat üçin size iberilen materialyň köp sanly göçürmeleriniň çap edilen ýa-da elektron nusgalaryny ulgamlaýyn köpeltmek;
  3. materialyň islendik bölegini islendik elektron torda, şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, Internet we World Wide Web arkaly görkezmek ýa-da ýaýratmak;
  4. islendik birine materiala girmäge we ony ulanmaga rugsat bermek; we/ýa-da
  5. materialy tutuşlygyna ýa-da onuň bir bölegini täjirçilik maksatly ulanmaga rugsat bermek.


Intellektual eýeçilik hukuklary

Biz we/ýa-da biziň lisenziarlarymyz Websaýtdaky ähli intellektual eýeçilik hukuklarynyň eýeleridiris, Websaýt we Websaýtdaky materiallar tutuş dünýädäki intellektual eýeçilik kanunlary, şol sanda awtorlyk hukugy we söwda belgisi kanunlary tarapyndan goralýar. Şu ýuridik bildirişiň we siz bilen OUP arasyndaky islendik başga lisenziýa ylalaşyklarynyň şertlerine laýyklykda, ähli şeýle hukuklar goralyp saklanýar we bizden öňünden ýazmaça razylyk alynmazdan hiç bir materialy nusgalamak, üýtgetmek, neşir etmek, ýaýlyma bermek ýa-da başgaça görnüşde ýaýratmak bolmaýar. Oxford University Press, OUP, Oxford we/ýa-da Oxford University Press tarapyndan üpjün edilýän önüm we hyzmatlaryň islendik beýleki atlary hem-de Websaýtda salgylanylyşy Oxford University Press-iň söwda belgisidir ýa-da bellige alnan söwda belgisidir.

Ýokarda we degişli ýerlerde agzalanlara garamazdan, Websaýtdaky her illýustrasiýada görünýän awtorlyk hukugy şol illýustrasiýanyň "Suratyň jikme-jikligi" penjiresinde ady görkezilen hukuk eýesine (eýelerine) degişlidir. Ähli hukuklar goralýar. Websaýtdaky hiç bir illýustrasiýany nusgalamak, üýtgetmek, neşir etmek, ýaýlyma goýbermek ýa-da başgaça görnüşde ýaýratmak bolmaýar.


Baglar

Beýleki websaýtlara bolan baglar OUP tarapyndan ak ýürekden we diňe maglumat maksatly üpjün edilýär. Websaýta bagy bolan islendik websaýtdaky material babatda OUP islendik jogapkärçilikden ýüz öwürýär.

Mundan başga-da, OUP bilen baglanyşykly bolmadyk websaýta bagyň bar bolmagy OUP şol websaýtdaky material babatda jogapkärçiligi ýa-da şeýle websaýtlaryň ulanylyşy, olarda hödürlenýän önümleri we/ýa-da hyzmatlary makullaýar ýa-da kabul edýär diýmek bolmaýar. Ulanmak üçin saýlan islän zadyňyzda wirus, gurçuk, troýan we weýran ediji beýleki zatlaryň bolmazlygy üçin çäre görmeklik siziň öz işiňizdir.


Hyzmata giriş

Websaýtyň adatça günde 24 sagadyň dowamynda elýeterli bolmagyny üpjün etmäge tagalla edýän hem bolsak, Websaýtyň belli bir wagt ýa-da haýsydyr bir möhletde elýeterli bolmazlygynyň hiç bir sebäbi üçin jogapkärçilik çekmeýäris.

Ulgamdaky näsazlyk bolanda, tehniki ideg ýa-da bejeriş işler geçirilende, şeýle hem erkimizden daşary ýagdaýlar sebäpli Websaýta giriş öňünden habar berilmezden wagtlaýyn togtadylyp bilner.


Awtorlyk hukugynyň bozulmagy barada şikaýatlar

OUP intellektual eýeçilik hukuklaryna sarpa goýýar we olar goramak üçin düýpli çäreler görýär. Eger siz şu websaýtdaky islendik material öz eýeçilik hukugyňyzy bozýar diýip pikir etseňiz we ony aradan aýyrmak isleseňiz, bize e-poçta ýa-da poçta bilen ýazmaça bildiriş ibermegiňizi we şulary görkezmegiňizi haýyş edýäris:

(i) awtorlyk hukugynyň eýesiniň ýa-da onuň adyndan hereket etmäge ygtyýarlandyrylan adamyň fiziki ýa-da elektron goly.

(ii) bozulandygy öňe sürülýän awtorlyk hukukly işiň identifikasiýasy, eger birnäçe awtorlyk hukukly işi bir websaýtda bar bolsa bir habarnamada şol websaýtdaky işleriň sanawy.

(iii) bozulandygy öňe sürülýän (ýa-da bozulmagyna sebäp bolýan) awtorlyk hukukly materialyň identifikasiýasy we şol identifikasiýa OUP üçin materialy identifisirlemek hem-de ýerini tapmak üçin ýeterlik bolmalydyr.

(iv) salgyňyz, telefon belgiňiz, şeýle hem bar bolsa, siz bilen habarlaşyp boljak e-poçta salgysy.

(v) materialyň şikaýat edilen görnüşde ulanylmagyna awtorlyk hukugynyň eýesi, onuň wekili ýa-da kanun tarapyndan ygtyýar berilmeýändigine ak ýürekden ynanýandygyňyz barada beýannama.

(vi) öňe sürüşiňiz boýunça bozulýan hasaplaýan ýörite hukugyňyzyň eýesiniň adyndan hereket etmäge ygtyýarlandyrylandygyňyz barada, ýalan maglumat bermeklik babatda jogapkärçiligi kabul edip, bildirişdäki materialyň dogrudygy barada beýannama.

Bu bildirişi biziň ýörite DMCA wekilimize iberiň:
e-poçta bilen: dmca@oup.com
poçta bilen: Ýuridik bölüm
Oxford University Press
Great Clarendon Street
Oxford
OX2 6DP
Birleşen Korollyk


Ulanyjynyň döreden materialy

Websaýtymyzyň käbir ýerlerinde ulanyjylaryň öz materiallaryny ýüklemegine rugsat berlip bilner. Ulanyjylar tarapyndan ýüklenen material hökmany suratda OUP-yň garaýyşlaryny aňladýar diýmek bolmaýar. Websaýtymyza material ýüklemek bilen siz biziň Düzgünlerimize eýermeklige razylyk bildirýärsiňiz. Şeýle materiallaryň şol görkezmelerdäki talaplara laýyk gelýändigi, materiallar babatda ähli zerur hukuklaryňyzyň bardygy, materiallaryň haýsydyr bir üçünji tarapyň islendik şahsy ýa-da eýeçilik hukuklaryny bozmaýandygy, materiallaryň tehniki taýdan zyýansyzdygy (şol sanda bular bilen çäklenmezden kompýuter wiruslarynyň, logik bombalaryň, troýan atlarynyň, gurçuklaryň, zyýanly komponentleriň, zeperli maglumatyň ýa-da beýleki betniýetli programma üpjünçiliginiň ýa-da zyýanly maglumatlaryň ýokdugy) barada kepil geçýärsiňiz.

OUP öz islegine görä, Düzgünlerdäki (bag) talaplaryna laýyk gelmeýän we/ýa-da masgaralaýjy, bikanun, haýykdyryjy, ahlaksyz ýa-da başga görnüşde islenmeýän diýlip hasaplanýan, ulanyjylar tarapyndan neşir edilen islendik materialy gözden geçirmek, üýtgetmek ýa-da pozmak hukugyny gorap saklaýar. Ýokarda agzalanlara garamazdan, siz ýa-da Websaýtyň islendik beýleki ulanyjysy tarapyndan ýüklenen material babatda OUP islendik borçdan ýa-da jogapkärçilikden aç-açan boýun gaçyrýar. Şeýle hem biz siziň şahsyýetiňizi hukuk goraýjy edaralara ýa-da siz tarapdan Websaýtymyzda neşir edilen ýa-da ýüklenen haýsydyr bir material özleriniň intellektual eýeçilik hukuklaryny ýa-da gizlinlik hukugyny bozýar diýip talap bildiren islendik üçünji tarapa aýan etmek hukugymyzy gorap saklaýarys.


OUP-yň ulanyjylaryň döreden materiallaryny ulanmaga bolan hukugy

Websaýtymyza ýüklän islendik materialyňyz gizlin däl diýlip hasaplanar. OUP size şu Websaýty şu Ýuridik bildirişe (ýokardaky Websaýt materiallaryndan peýdalanmak bölümine serediň) laýyklykda ulanmaga ygtyýar berýändigini göz öňünde tutup, siz OUP üçin şeýle materiallary (ýa-da onuň islendik bölegini) ähli dillerde, görnüşde ýa-da häzirki wagtda bar bolan ýa-da bolmadyk islendik serişdäniň kömegi bilen ulanmaga, üýtgetmäge, seljermäge, neşir etmäge, görkezmäge, köpçülige ýetirmäge we aýan etmäge möhletsiz, tutuş dünýäde hereket edýän, ýatyryp bolmaýan, muzdsuz, başga birine geçirip bolýan, ýöriteleşdirilen däl ygtyýar berýärsiňiz (şeýle hem şu hukuklary kömekçilerine ygtyýarlandyryp bermäge razylyk berýärsiňiz). Siz websaýtymyza ýüklän ähli materialyňyz babatda islendik maddy däl hukuklardan (munuň bilen çäklenmezden şol sanda awtor hökmünde görkezilmek hukugyndan) boýun gaçyrýarsyňyz. Biz sizi agzap geçip bileris, ýöne siz muňa mejbury däldigimiz bilen ylalaşýarsyňyz.


Moderasiýa

Şu ýuridik bildirişe we/ýa-da Düzgünlere ters gelýän islendik zatlary ýüze çykarmak maksady bilen, biz Websaýtda neşir edilýän ähli zatlara gözegçilik etmek hukugymyzy gorap saklaýarys. Munuň netijesinde, neşir edilmezden öň käbir neşirleriň moderasiýa üçin iberilmegi mümkindir we şol sebäpli neşiriň Websaýtda peýda bolmagynda gijikme bolup biler.


Togtatmak we ýatyrmak

Siziň şu Websaýty ulanmagyňyz netijesinde şu ýuridik bildirişiň ýa-da Düzgünleriň [bag] bozulyp-bozulmandygyny biz öz islegimizçe kesgitläris. Şu ýuridik bildirişiň we Düzgünleriň bozulmagy ýüze çyksa, degişli bolmagy we munuň bilen çäklenmezden bu ýuridik bildiriş we görkezmelere eýermeýän islendik ulanyjyny duýduryş bermezden ýa-da maslahatlaşmazdan blokirlemek, şeýle hem ähli öňki neşir we goşantlaryny aýyrmak ýaly zerur hasaplan çärelerimizi görüp bileris.

Şu ýuridik bildirişi we/ýa-da Düzgünleri berjaý etmezlik websaýta girmek we/ýa-da ony ulanmak ygtyýaryňyzyň wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýatyrylmagyna dessine eltip biler.


Websaýtyň global häsiýeti

Siz Websaýtyň global häsiýetiniň bardygy bilen razylaşýarsyňyz we şol sebäpli Websaýty ulanýan wagtyňyz ähli degişli ýerli kanunçylyklary berjaý etmäge ylalaşýarsyňyz.

Websaýtda neşir edýän maglumatymyzda siziň ýurduňyzda yglan edilmedik ýa-da elýeterli bolmadyk hyzmatlarymyz we/ýa-da önümlerimiz hödürlenip, olara salgylanmalar bolup biler. Şeýle salgylanmalar bu hyzmatlary we/ýa-da öünmleri siziň ýurduňyzda yglan etmek niýetimiziň bardygy aňlatmaýar.


Dil

Şu ýuridik bildiriş iňlis dilinde taýýarlanyldy. Eger-de şu ýuridik bildiriş islendik başga dile terjime edilse, iňlis dilindäki tekst üstün hasaplanylýar.


Düzgünleşdiriji kanunçylyk

Siz şu ýuridik bildirişiň diňe Angliýanyň we Welsiň kanunlaryna we kazyýetlerine laýyklykda aýratyn düzgünleşdirilmäge degişlidigi bilen ylalaşýarsyňyz. Ýokarda agzalanlara garamazdan, şu ýuridik bildirişdäki hiç bir zat intellektual eýeçilik hukugynyň bozulmagy babatda iş gozgamak üçin OUP-y islendik kazyýete ýüz tutmak hukugyndan mahrum etmeýär.


Eýeçilik statusy barada bellik

Oxforddictionaries.com we onuň kiçi domenleri söwda belgisi ýa-da başga görnüşde eýeçilik statusy bolan ýa-da bardygy tassyklanan käbir sözleri öz içine alyp biler. Olaryň bar bolmagy olaryň eýeçilige degişli bolmadyk ýa-da umumy ähmiýete eýe bolan zatlary ýuridik maksatly ýa-da olaryň ýuridik statusy babatda başga bir pikir bilen özlerine alnandyklary manysyny bermeýär. Haçanda redaktorial işgärlerimizde haýsydyr bir sözüň eýeçilik statusynyň bardygy barada esas bolan halatynda, ol şol söz babatda maglumat görkezilýär, emma şonuň bilen bir hatarda şol sözüň ýuridik statusy babatynda netije çykarylmaýar ýa-da öňe sürülmeýär.


Oxford Dictionaries blog neşirlerindäki we teswirlerindäki pikirler we beýleki maglumatlar hökmany suratda Oxford University Press-iň pikirlerini we tarapyny görkezýär diýlip hasaplanmaly däldir.